Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasyna Latwiýanyň DIM-den halkara ýük daşaýjylary üçin täze düzgünleriň girizilýändigi baradaky resmi habarnama gelip gowuşdy. Resminamada 2025-nji ýylyň başyndan bu ýurduň kanunçylygyna güýje giriziljek möhüm üýtgeşmeler hakda habar berilýär.
Latwiýa Respublikasynyň Döwlet protokolynyň maglumatyna görä, «Aksiz salgytlary hakynda» kanuna üýtgetmeler aşakdaky çäklendirmeleri belleýär:
• Ýewropa Birleşigine girmeýän ýurtlaryň ýük ulaglarynyň ýangyç baklarynda ýangyjyň iň ýokary möçberi - 200 litr
• 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan görkezilen ýangyç çäginden ýokary bolan täjirçilik ulaglary Latwiýanyň çägine goýberilmez
Bu düzgünler Ýewropa Birleşiginiň agzasy bolmadyk ähli ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň ulag kompaniýalaryna degişlidir.
Goşmaça düşündirişleri almak üçin Latwiýanyň Döwlet girdejiler gullugyna ýüz tutup bolýar: mailto:vid@vid.gov.lv.
Jikme-jik maglumatlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda hem elýeterlidir: https://www.tstb.gov.tm.