Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

13:0703.10.2024
0
3223
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

30-njy sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň Baş Assambleýanyň işleri we konferensiýa dolandyryşy boýunça orunbasary Mowses Abelýan bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde wise-başlyklygyň başlanmagy mynasybetli türkmen tarapyna ýagşy arzuwlar beýan edildi. Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen «Geljegiň sammitine» gatnaşmagyny we onuň bölümçeleriniň birinde başlyklyk etmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň çäginde bilelikdäki çäreleri guramak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebit we halkara çäreleriniň iň ýokary derejede guralmagyna saldamly goşant goşmagy dowam etdirmäge ygrarlydygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň