Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

12:4503.10.2024
0
2910
BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

30-njy sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Li Jinhua bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň milli we halkara derejesinde durmuşa geçirilmegine doly goldaw berýändigini we işjeň gatnaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça Hökümete ýyllyk hasabat bermek üçin içerki gurluş hereket edýär.

Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýetini bellediler we onuň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi üçin bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda 2024-nji ýylyň 22-23-nji sentýabry aralygynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen «Geljegiň sammitine» Türkmenistanyň gatnaşmagynyň, şeýle hem Sammitiň bölümçeleriniň birinde türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da BMG-niň 2026 – 2035-nji ýyllar döwri üçin «Durnukly ulagyň onýyllygyny» durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň – Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasynyň işlenip taýýarlanmagy babatynda geňeşmeler we şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän energetika baglanyşygy boýunça BMG-niň hünärmenleriniň halkara duşuşygy ýaly bilelikde geçirilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň