Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Üçekde 25 ýyl ýatan kürüşge 13,5 müň ýewro satyldy

18:0602.10.2024
0
2997
Üçekde 25 ýyl ýatan kürüşge 13,5 müň ýewro satyldy
Surat: gazeta.ru

Patyşa Georg VI täç geýmeginiň hormatyna çykarylan sowgatlyk kürüşge 25 ýyllap öýleriň birinde üçekde ýatandan soňra, britan söwda-satyg auksionynda 13,5 müň ýewro satyldy. Bu barada BBC News ýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Keramikadan ýasalan sary kürüşge suratkeş Erik Rawilius tarapyndan bezelip, Patyşa Georg VI we Şa aýal Ýelizawetanyň täç geýmek dabarasyna bagyşlanypdyr. Ol eýesiniň öýüniň üçeginde geçen asyryň 90-njy ýyllaryndan bäri el degrilmän ýatypdyr. Oňa Market-Harboro şäheriniň «Gildings» auksionynda 800 ýewro möçberde başlangyç nyrh kesilipdir, ahyrda ol garaşylýan bahadan 16 esse gymmat satylypdyr.

Gaplaryň toplumynda dürli reňkden bolan ýene dört sanysy bar, olarda Patyşanyň tugrasy we feýerwerk şekillendirilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň