Top.Mail.Ru

«International Learning Festival (ILF 2024)» halkara bilim festiwalyna ýurdumyzyň wekili gatnaşdy

10:0602.10.2024
0
5748

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hünärmeni Myrat Rahmedow Singapur politehniki uniwersitetiniň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilen «International Learning Festival (ILF 2024)» halkara bilim festiwalyna gatnaşdy.

ILF 2024 «Emeli aň we durnukly ösüş döwründe okatmagy we öwrenmegi ösdürmek» atly mowzuk boýunça geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Bu çäre ylym we bilim pudagynyň wekillerini, dünýäniň dürli künjeklerinden Singapur politehniki uniwersitetiniň hyzmatdaşlaryny bir ýere jemledi. Festiwalyň dowamynda ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuw we öwreniş usullaryny gowulandyrmak maksady bilen akademiki gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça gürrüň edildi.

Festiwalyň çäklerinde:

Tehniki biliminiň ýeten sepgidine bagyşlanan halkara simpozium (ISATE);

Singapur uniwersitetiniň we sebitdäki 33 hyzmatdaş uniwersitetiň 180 töweregi rektoryny we ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň wekillerini birleşdiren «Learning Express» (LeX) konferensiýasy;

Halkara işewür duşuşygy CDIO (IWM) 2024 geçirildi.

Singapur uniwersiteti innowasion inženerçilik bilimi üçin halkara hyzmatdaşlyk torunyň (CDIO) köpden bäri hyzmatdaşydyr. 2011-nji ýyldan bäri hem bu halkara hyzmatdaşlyk torunyň Aziýa sebitindäki wekilleýin ýolbaşçysy hökmünde çykyş edýär.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Merkezi Aziýada ilkinji bolup bu guramanyň (CDIO) doly hukukly agzasy boldy. Singapur döwletine amala aşyrylan sapar hem bu gurama bilen hyzmatdaşygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň