Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen ETS kompaniýasy bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

10:0601.10.2024
0
7569
Türkmenistan bilen ETS kompaniýasy bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Surat: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Educational Testing Service (ETS) kompaniýasynyň hökümet we daşarky aragatnaşyklar boýunça direktory Şennon Eşpol Litto bilen duşuşyk geçirildi.

Bilim synag-testlerini işläp taýýarlamak dünýä derejesinde öňdeligi eýeleýän ETS kompaniýasy özleriniň alyp barýan işlerine syn berdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň käbir ugurlaryny teklip etdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berişleri ýaly, duşuşykda birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistana PISA ýaly halkara okuwlara gatnaşmaga taýýarlyk görmekde we bu maksatnamalara üstünlikli gatnaşmagyň usulyýetlerini işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyk teklip edildi.

Ösen tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen, şol sanda emeli intellektiň kömegi bilen SAT, ACT, GRE, GMAT we TOEFL ýaly belli test-synaglara esaslanyp, synag soraglaryny döretmekde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.

Mugallymlaryň bilimlerine baha bermek we sertifikatlaşdyrmak üçin PRAXIS test-synaglaryny geçirmegiň usulyýetini öwrenmek mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Taraplar halkara synag geçirmegiň standartlarynyň girizilmeginiň Türkmenistanda bilimiň hilini ep-esli ýokarlandyryp, iň taýýarlykly okuwçylary saýlap almaga ýardam etjekdigini we bilim hyzmatlarynyň umumy derejesini ýokarlandyryp biljekdigini bellediler.

ETS kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga we ony halkara standartlaryna laýyk getirmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň