Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanly iň uzak ýaşly zenan 114 ýaşyny belledi

16:3401.10.2024
0
5958
Gazagystanly iň uzak ýaşly zenan 114 ýaşyny belledi
Surat: mir24.tv

Gazagystanyň Ulytau oblastynda ýaşaýan iň uzak ýaşly aýal 114 ýaşyny belledi diýlip, Respublikanyň Zähmet we sosial gorag ministrliginiň saýtynda habar berildi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Gazagystanda 100 we ondan uly ýaşly ýaşaýjylaryň 423 sanysy bar. Iň uzak ýaşlylar esasan hem Türküstan oblastynda, olaryň sany 64 adamdyr. Ondan soňra Almaty şäheri gelip, ol ýerde 100 ýaşlylaryň 48-si ýaşaýar. Almaty oblastynda 38 sany uzak ýaşly bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň