Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýly ene ýaş keşbi bilen sosial ulgam ulanyjylary haýran galdyrdy

14:4501.10.2024
0
14264
Hytaýly ene ýaş keşbi bilen sosial ulgam ulanyjylary haýran galdyrdy
Surat: gazeta.ru

Hytaýly ene sosial ulgamdan peýdalanyjylary özüniň juwan keşbi bilen haýran galdyrdy diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Enäni synlap adamlar ony ýaş ejedir öýdýärler.

Ýaş ene agtygy bilen sosial ulgamda suratlaryny çap edenden soňra meşhurlyk gazandy. Adamlar onuň agtygynyň bardygyna ynanmaýarlar.

Zenanyň özi daş-keşbi babatda şeýle gyzyklanmalara garaşmandygyny aýdýar. Ol özüniň anyk ýaşyny aýtmady, emma 40-dan aňryny sermeläp ýörendigini habar berdi. Şeýle-de ol özüniň juwan keşbini derisine oňat ideg edýändigi, sport bilen meşgullanýandygy we kadaly iýmitlenýändigi bilen düşündirdi. Enäniň ýaşlygyňy we saglygyňy goramak barada maslahatlary sosial ulgamdan peýdalanyjylaryň göwnünden turýar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň