Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen žurnalistleri Izmiriň we Urlanyň medeni mirasy bilen tanyşýarlar

14:3501.10.2024
0
13376

Türkmenistanyň iri habarlar saýtlarynyň ýedi žurnalistinden ybarat bolan wekiliýeti Türkiýäniň Izmir şäherine medeni-syýahatçylyk saparyny dowam etdirýär. Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen

«Türkhowaýollary» tarapyndan bilelikde gurnalan bu sapar 29-njy sentýabrda başlandy. Bu barada «Turkmenportal» saýtynyň habarçysy habar berýär.

Saparyň ilkinji gününde türkmen žurnalistleri Alaçaty sebitine baryp gördüler we Türkiýäniň köp sanly gözel ýerleriniň bardygyna göz ýetirdiler. Syýahatyň dowamynda olar 150 ýyl mundan ozal gurlan gadymy ýel degirmeni bilen tanyşdylar.

Saparyň ikinji güni türkmen wekiliýeti Izmiriň merkezinden 35 km uzaklykda ýerleşýän Urla ady bilen belli bolan taryhy sebite gezelenje bardy. Türkmen žurnalistleri haly, dokma, agaç we keramika önümleriniň ýerli dükanlaryna bardylar we senetçileriň ussahanalarynda şol täsin hem ajaýyp önümleriň taýýarlanyşy bilen tanyşdylar. Aýratyn-da XIV asyrda bina edilen Fatih Ybraýym Beý metjidi syýahatçylarda örän uly täsir galdyrdy. Bu gadymy metjit asyl görnüşinde diýen ýaly saklanyp galypdyr.

Türkmen žurnalistleri Urlanyň gadymy däp-dessurlaryň häzirki zaman sungaty bilen sazlaşykly utgaşýan ýeridigini bellediler. Olar şeýle hem bu sebitde Türkiýäniň meşhur adamlarynyň ýaşaýandyklaryny bildiler, hususan-da, türkmen wekiliýetine türk ýazyjysy we filosofy Nejip Azer hakda köp zatlary gürrüň berdiler.

Wekiliýet ýakyn günlerde sebitiň taryhyny has çuňňur öwrenmek üçin zeýtun ýagynyň muzeýine, gadymy Efes şäherine we arheologiki muzeýe baryp görmegi meýilleşdirýär. Türkmen žurnalistleriniň Izmir şäherine amala aşyran sapary Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň