Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şahbaz Şarif: Gurbanguly Berdimuhamedowyň Yslamabada saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn

12:4001.10.2024
0
4312
Şahbaz Şarif: Gurbanguly Berdimuhamedowyň Yslamabada saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn
Surat: urdupoint.com

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag ýollady. Gutlagda hoşniýetli arzuwlar bilen birlikde, ikitaraplaýyn syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalnadyrmk bilen bagly meseleler barada hem bellnilip geçilýär. TDH-nyň beýan edişi ýaly, gutlagda şeýle diýilýär:

— Pakistan we Türkmenistan ýakyn doganlyk gatnaşyklaryny saklaýarlar. Şol gatnaşyklar taryhyň, medeniýetiň umumylygyna esaslanýar. Biz Siziň ýurduňyz bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de hyzmatdaşlygymyzy has ýokary derejä çykarmaga çalyşýarys. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, doganym jenap Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýylyň ahyrynda Yslamabatda mähirli mübäreklemek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň