Top.Mail.Ru

Çehiýa Respublikasynyň işewürleriniň wekiliýeti oktýabrda Aşgabada sapar bilen geler

20:5827.09.2024
0
9488

Üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynda Çehiýanyň işewürler wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapar bilen gelmegine garaşylýar. Bu saparyň ähmiýeti hakynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Çehiýanyň daşary işler ministri Lipan Lipawskiniň arasynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çehiýaly telekeçileriň Türkmenistana sapary iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady işjeňlige itergi bermek maksady bilen amala aşyrylar – diýlip, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Şu nukdaýnazardan R.Meredow bilen J.Lipawski ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn türkmen-çeh iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar.

Syýasy-diplomatik taýdan iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda taraplar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnamany we Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn gatnaşyklar babatynda parlamentara gepleşikleriň orny bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Çehiýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasarynyň 2025-nji ýylda Türkmenistana boljak saparynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ozal biz wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Yorkda sapar bilen bolýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň