Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synpy üçin «Surat» we «Iňlis dili» okuw kitaplary çap edildi

15:2125.09.2024
0
12311

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synpy üçin «Surat» okuw kitabynyň (awtorlary: W.Amangeldiýew, D.Akyýew) dördünji neşiri çap edildi. Bu ders boýunça nobatdaky gezek neşir edilen kitabyň esasy maksady okuwçylaryň gözellige düşünmegine, şekillendiriş sungatyna söýgi döretmäge, durmuş bilen sungatyň özara baglanşygy barada düşünje bermäge, daş-töwerekdäki durmuşdan alnan mysallara, wakalara bolan öz dünýägaraýşyny we olar baradaky düşünişini şekilde döredijilikli beýan etmek başarnygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çap edilen okuw kitaplarynyň ýene biri-de umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synpy üçin «Iňlis dili» okuw kitabynyň (awtorlary: A.Gurbanow, M.Allahwerdowa, O.Pirnepesowa) dördünji neşiridir. Bu kitapda okuw maglumatlary çagalaryň ünsüni özüne çekiji reňkli suratlar bilen berlip, olar okuwçylara iňlis diliniň başlangyç esaslaryny öwretmäge gönükdirilendir diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň