Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Tokio şäherinde geçirilen Türki döwletleriniň medeni festiwalyna gatnaşdy

12:1025.09.2024
0
10955

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy 21-nji sentýabrda Tokio şäherinde geçirilen Türki döwletleriniň medeni festiwalyna gatnaşdy.

Festiwalyň çäklerinde Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen halkynyň amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň we şaý-sepleriniň hem-de milli tagamlarynyň sergisi guraldy.

«Serginiň çäklerinde guralan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň diwarlygy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň has giňden tanyşmagyna mümkinçilik döretdi» diýip, Türkmenistanyň Tokio şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň