Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukmançylyk bilimi boýunça türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

15:5823.09.2024
0
10861

Türkmenistanyň Minskdäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Sergeý Rubnikowiçiň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň bu ýurtdaky diplomatik edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň lukmançylyk ugruna ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri bilen özara gatnaşygy güýçlendirmek, okatmagyň usullaryny we okuw tejribesini alyşmak mümkinçiliginiň meselelerine garaldy.

Türkmen raýatlaryny birinji okuw ýylyna hem-de taýýarlyk bölümine kabul etmegiň şertleri, şeýle hem talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagynyň şertleri aýratyn üns berlip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saýtda bellenilişi ýaly, häzirki gün Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bilim bermek işi ýedi fakultetde guralandyr: bejeriş, stomatologiýa, pediatriýa, lukmançylyk we öňüni alyş, farmasewtika, daşary ýurtly talyplaryň lukmançylyk fakulteti, hünäri ugrukdyrmak we uniwersitetden öňki okuw, şeýle hem 3 institut: harby-lukmançylyk, saglygy goraýyş işgärlerini kämilleşdirmek we gaýtadan taýýarlamak, synag we kliniki lukmançylyk ylmy-gözleg instituty.

Uniwersitetde 7500-den gowrak talyp, aspirant, kliniki ordinator okaýar, şol sanda 50-den gowrak ýurtdan 2000-den gowrak daşary ýurt raýaty rus we iňlis dillerinde bilim alýar. Uniwersitet Bütindünýä lukmançylyk mekdepleriniň sanawyna (World Directory of Medical Schools) girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň