Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň wekili Hytaýda geçirilen foruma gatnaşdy

10:3423.09.2024
0
8402

Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar oba hojalyk uniwersiteti 90 ýyllyk ýubileý dabarasy geçirildi. 20-nji sentýabrda bolan dabaranyň çäklerinde Hytaýyň we daşary ýurt uniwersitetleriň prezidentleriniň forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu ýokary derejedäki dabara, onuň çäklerinde guralýan Hytaýyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň forumyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň alym kätibi B.Daňatarow hem gatnaşdy. Türkmenistanyň wekili 19 — 21-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sýanýang şäherinde iş saparynda boldy we çärelerde çykyş etdi. Konferensiýada dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşan uniwersitetiň rektorlary akademiki gepleşikler geçirip, halkara hyzmatdaşlyklar ýola goýdular.

Bu gatnaşyklar geljekde ýokary mekdepleriň arasyndaky ylym-bilim we innowasiýalar babatdaky gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň