Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mukamlar köşgünde konsert berildi

08:2623.09.2024
0
5710

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly, «Arşa göterilýär halkyň ykbaly» atly konsert geçirildi. Onda sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary çykyş etdiler diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, konsert maksatnamasy «Halkymyzyň çüwen bagty Arkadagly Serdarym» atly aýdym bilen açyldy. Aýdymda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy.

Soňra dabara ussat aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen «Ak ýollaryň şamçyragy Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Onda türkmen halkynyň döwlet Baştutanyna buýsanjy şahyrana dilde beýan edildi.

Dabara ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary aýratyn öwüşgin çaýdy. «Bagtyýarlyk aýdymy» atly aýdym-sazly tans kompozisiýasy şatlyk-şowhuna beslenip, onda «Güneş» çagalar hory, «Ruhubelent çagalar», «Şowhun» çagalar tans toparlary zehinini görkezdiler.

Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň, döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Aýdym-sazly dabara meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlar Türkmenistanyň okgunly ösüşlerini görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen «Ýaşa, ýaşa, ýaşa Siz, uzak ýaşaň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!», «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly», «Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarymyz!» atly aýdymlar dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Sungat ussatlarynyň ýürek joşguny, yhlasy we zehini tomaşaçylaryň goldawyna mynasyp boldy. Aýdym-saz sungatynyň ussatlary bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler. Olar liriki eserleri, köpçüligiň söýgüsini gazanan halk aýdymlaryny, täze eserleri ýerine ýetirdiler. «Laçyn», «Näzli», «Serpaý», «Galkynyş», «Meňli» tans toparlarynyň ýokary çeperçilikdäki tanslary tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine döredilen “Aşgabat” atly aýdym konsertiň şowhunyny has-da belende göterdi. Ýurduň welaýatlarynyň birleşen folklor-tans toparlarynyň «Bäş welaýat — bäş dogan alkyşlaýar Arkadagly Serdary» atly göwün göteriji çykyşy her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine, umumymilli dabaralara beslenýän türkmenistanlylaryň kalbynyň senasy bolup ýaňlandy.

Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrülen «Ömrüň uzak bolsun, Arkadagly Serdarymyz!» atly watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň