Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy

11:5921.09.2024
0
20153

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Özbegistana eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 80 göterimden gowrak artdyrdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Hasabat döwründe türkmen-özbek söwda dolanyşygy 805,4 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 55,7 göterim ýa-da 288,4 million amerikan dollary möçberinde köpdür.

Şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň Özbegistana eksporty hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden 82 göterim ýa-da 328,5 million amerikan dollary möçberinde ýokarlanyp, 7271, million amerikan dollaryna barabar boldy.

Degişli döwürde türkmen bazaryna Özbegistandan import edilen harytlaryň we hyzmatlaryň umumy bahasy bolsa 78,3 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 118,4 million amerikan dollara barabar bolupdy.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 8 aýynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 42 milliard 703 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 25 milliard 359 milliony importyň, 17 milliard 344 milliony bolsa eksportyň paýyna düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň