Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:2418.09.2024
0
11863

Serdar Berdimuhamedow Gazagystana iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolanyp geldi, türkmen sazandalary Ufada birleşen orkestrleriň düzüminde çykyş etdiler, Aşgabatda geçiriljek OGT maslahatynda «Pulitser» baýragynyň eýesi Deniýel Ýergin çykyş eder we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana bir günlük iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolanyp geldi. Ol bu ýerde «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky döwletleriniň Baştutanlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Astanada geçirilen sammitde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary we Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Saparynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow birnäçe möhüm duşuşyklary, şol sanda nemes işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikleri we Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti sammitde çykyş edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň, esasanam, sebit howpsuzlygy, ykdysady hyzmatdaşlyk we daşky gurşaw ugurlarynda möhümdigini aýtdy.

2. Ufada birleşen orkestrleriň – GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň we Başgyrdystan Respublikasynyň Döwlet akademiki simfoniki orkestriniň konserti geçirildi, onuň düzüminde türkmen sazandalary we dirižýor Resul Gylyjow üstünlikli çykyş etdiler.

3. 23 — 25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2024» atly 29-njy halkara maslahatyna energetika pudagynda dünýä meşhur bilermen we «Pulitser» baýragynyň eýesi Deniýel Ýergin gatnaşar. Ýerginiň çykyş etjek umumy mejlisiniň dowamynda dünýäniň energetika bazaryndaky täze tendensiýalar we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlar beýan ediler.

4. Tbilisiniň Suhumi döwlet uniwersitetinde ýaňy-ýakynda açylan Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýada ilkinji resmi çäre geçirildi. Beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stola Türkmenistandan we Gruziýadan ylym, medeniýet ulgamlarynyň wekilleri, syýasaty öwrenijiler we žurnalistler gatnaşdylar. Tegelek stola gatnaşyjylar täze auditoriýanyň medeni-ynsanperwer dialogy pugtalandyrmakda ägirt uly ähmiýetini bellediler. Olar bu giňişligiň bilelikde medeni we ylmy çäreleri geçirmek üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdiler.

5. Owganystanyň Daşary işler ministrligi TOPH transmilli gaz geçirijisiniň we beýleki möhüm ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň gurluşygynyň täze tapgyrlarynyň başlanmagyna bagyşlanan brifing gurady. Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottaki öz çykyşynda 11-nji sentýabrda «Islim – Çeşme» serhet nokadynda birnäçe desgalary ulanmaga we gurluşygyna girişmek dabaralarynyň geçirilendigini aýtdy. Çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdylar. TOPH taslamasy boýunça Türkmenistanyň çägindäki gurluşyk işleriniň tamamlanandygy we indi taslamanyň owgan topragynda durmuşa geçirilip başlanýandygy aýratyn bellenildi.

Dünýäde

6. Kanadanyň kompaniýasy güýçli hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan ekzoskeletli jalbar işläp düzdi. Bu oýlap tapyş aýaklaryň güýjüni ep-esli ýokarlandyrýar we ýörişde rahatlyk duýgusyny döredýär. «MO/GO» diýlip atlandyrylýan täze önümiň ady iňlisçe «dag geçisi» diýen manyny berýär, ol hususy sargyt esasynda öndürilýär. Onuň gurluşy uglerod süýüminden ýasalandyr we dyz bölüminde kemerdäki akkumulýatordan güýç alýan hereketlendirijiler ýerleşýär. Gyzykly tarapy, batareýa beýiklikden aşak düşülende, awtomatiki zarýad alýar. Agramynyň üç kilogramdygyna garamazdan, oýlap tapyş ýöräniňde özüňi 13,6 kg ýeňil duýmaga mümkinçilik döredýär we aýagyň güýjüni 40% ýokarlandyrýar. «MO/GO-nyň» 2025-nji ýylda 5000 dollar bahadan satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

7. Germaniýaly alymlardan ybarat topary smartfona sarp edilýän wagty azaltmagyň işe bolan garaýşy gowulandyrýandygyny anykladylar. Synaga dört topar gatnaşdy: bir topar smartfon ulanylyşyny günde bir sagat azaltdy, beýlekisi fiziki maşklar bilen meşgullandy, üçünjisi olaryň ikisini hem etdi, dördünjisi bolsa gözegçilik toparydy. Netijeler smartfona sarp edilýän wagty azaltmagyň işden kanagatlanmagy, höwesi, iş bilen şahsy durmuşyň deňagramlygyny, şeýle hem psihiki saglygy gowulandyrýandygyny görkezdi. Şeýle hem synaga gatnaşyjylar işde başagaýlygyň we smartfona garaşlylyk alamatlarynyň azalandygyny bellediler.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow ýakynda Portugaliýadan gaýdyp geldi, ol bu ýurtda iş tejribesini kämilleşdirmek maksady bilen saparda boldy. Ol Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň tehniki direktory Žoze Kouseýru we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Martines bilen duşuşyp, liganyň gurluşy, ýaş zehinleri ösdürmegiň usullary we tälimçileri taýýarlamagyň ulgamy barada pikir alyşdy. Iş sapary mahaly alnan tejribä esaslanyp, Orazow milli ýygyndynyň taýýarlanyşynda birnäçe üýtgeşmeleri girizmegi meýilleşdirýär. Şunda ýaş oýunçylara aýratyn üns berler. Şeýle hem Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda işjeň döwrebaplaşdyrma işleri alnyp barylýar, şol sanda oýunlaryň wideoarhiwi döredilýär we türkmen oýunçylaryny tanatmak üçin halkara platformalary bilen hyzmatdaşlyk edilýär.

9. Budapeştde geçýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy täsirli netijeleri gazanýar. Altynjy tapgyrdan soň, türkmen küştçileri C kategoriýasynda ýaryşyň sanawynda birinji orny eýelediler we mümkin bolan toparlaýyn 12 utukdan 8 utuk gazandylar. C kategoriýada türkmen toparynyň iň ýakyn bäsdeşi 8 utuk toplan Malaýziýanyň toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň