23-nji tapgyrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda möwsümdäki 300-nji gol geçirildi. Bu gol 14-nji sentýabrda «Köpetdag» ― «Merw» duşuşygynyň 90+5-nji minutynda myhman toparyň futbolçysy Toýly Goçnazarowyň geçiren goly boldy.
Şu möwsümdäki gollaryň sanynyň 300-e ýetmegi bilen statistika şeýleräk şekillendi:
- «Arkadag» topary möwsümde 101 gol geçirip, gollaryň üçden birini öz hasabyna ýazdy.
- «Altyn asyr» toparynyň 56 goly bar.
- «Ahal» topary 45 gol bilen üçünji orunda.
- «Şagadam» 27 gol, «Nebitçi» we «Aşgabat» bolsa 17 gol geçirdiler.
- Marynyň «Merw» topary bary-ýogy 16 gol geçirip bildi.
- «Köpetdag» topary 13 gol bilen soňky orunda barýar.
Möwsümiň ikinji ýarymyndan soň ýaryşdan çykan «Energetik» topary 8 gol geçirmegi başarypdy.