Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hilli we amatly: konditer önümçiligine täzeçil çemeleşýän kärhana

11:5522.05.2024
0
1915

«Baly bol», «Parlak», «Akja» ýaly haryt nyşanly süýjülikleri bilen sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýan kärhana hilli önümlerini amatly bahalardan hödürleýär.

Türkmenistanyň konditer önümçilik pudagynda 2021-nji ýyldan bäri dürli görnüşli süýjülikleri öndürmek bilen, türkmen bazarynda ynamly orny eýelän kärhana konditer önümleriniň 20-den gowrak görnüşini alyjylara ýetirýär.

Kärhananyň önümlerinden, aýratyn-da, «Baly bol», «Parlak» ýaly süýjüliklere çagalar hem uly ýaşlylar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Bu bolsa kärhananyň önümleriniň hiline giň ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Kärhanada öndürilýän süýji önümleri ýokary derejeli hil barlagyndan geçirilip, olaryň tagamynyň datly bolmagy üçin tejribeli hünärmenler dünýä tejribesini öwrenmek bilen, önümçilige täzeçillikleri yzygiderli girizýärler. Bu ýerde konditerçilik ugrundan ussat, başarnykly işçiler zähmet çekýärler. Olaryň işläp taýýarlaýan tagamlary kärhananyň önümçiliginiň geljekde has-da giňeljekdigine kepil geçýär.

Telekeçi Erkin Bäşimowyň konditer kärhanasy ýurduň köp sanly telekeçileri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu süýjüleri ýurduň ähli künjeklerinde ýerleşýän dükanlardan, şeýle-de häzirki döwürde özboluşly söwda gurşawyna öwrülen internet dükanlaryň harytlarynyň hataryndan tapmak bolýar. Sebäbi kärhananyň önümçilik tejribesi gysga döwrüň içinde konditer senagaty pudagynda özboluşly orny eýelemegi başardy.

«Kärhanamyzyň esasy maksady — alyjylara amatly bahalardan ýokary hilli önümleri hödürlemek. Şu maksat bilenem, geljekde önümlerimiziň haryt görnüşlerini artdyrmagy meýilleşdirýäris» diýip, kärhananyň hünärmeni belleýär.

Dürli hili maksatlar üçin kärhanadan süýji önümleriniň islendik görnüşlerini amatly bahalardan sargyt edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň