Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Han gala» HK sargyt esasynda gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirýär

10:4920.05.2024
0
1861

Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere özüniň mynasyp goşandyny goşýan kärhanalaryň biri bolan «Han gala» hususy kärhanasy ýaşamak üçin ähli amatlyklary göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny ýerine ýetirýär. Bu ugurda kärhana häzirki döwrüň binagärlik çözgütlerinden ugur almak bilen, sargytlar esasynda dürli göwrümli gurluşyk-gurnama işlerini amala aşyrýar.

«Han gala» hususy kärhanasy on ýyldan gowrak iş tejribesinde häzire çenli dürli derejeli gurluşyk taslamalaryny ýola goýdy. Olardan 2012-nji ýyldan häzirki wagta çenli dürli ýyllarda ýurduň demirgazyk sebitinde — Daşoguz welaýatynda ýerine ýetirilen onlarça ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda ýerine ýetirilen taslamalary bellemek bolar.

Geçen ýyllarda gurluşyk kärhanasy Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda — hassahanasynyň durkuny täzelemek we abadanlaşdyrmak işlerini, 600 orunlyk mekdebiň düýpli gurluşyk işlerini, «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Görogly etrabynda 5000 tonna galla saklanýan ammarynyň düýpli gurluşyk işlerini, şeýle-de Görogly şäherçesinde hem-de Boldumsaz etrabynda 1500 orunlyk sport desgalarynyň we beýleki taslamalaryň gurluşygyny ýerine ýetirdi.

Häzirki günde gurluşyk kärhanasy öňdebaryjy şähergurluşyk ýörelgelerinden ugur alnyp bina edilýän Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda netijeli işleri alyp barýar. Kärhana täze «akylly» şäheriň nobatdaky tapgyrynda 3 sany 7 gatly, 42 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk-gurnama işlerini dowam etdirýär. Munuň özi «Han gala» HK-nyň döwlet derejesindäki giň gerimli taslamalaryň beýik binalaryny ýokary hilli gurmakda baý tejribä eýedigini görkezýär.

«Bu gün «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine goşandymyzy goşmak bilen, geljekde uly taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýäris. Biziň esasy ugur alýan ýörelgämiz — müşderileriň ynamyny ödemek» diýip, kärhananyň hünärmeni pikirini paýlaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň