Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe häzirkizaman ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlary bilen bilelikde türkmen halkynyň halk lukmançylygynyň tejribeleriniň, Ibn Sinanyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Jelalleddin Hydyryň we başga-da lukmançylykda yz galdyran watandaşlarymyzyň miraslaryny çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň raýatlarynyň sagdyn we ruhubelent ýaşamagyna uly itergi berýär. Biz hem şeýle uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, Milli Liderimiziň: “Öz hünärim bilen baglylykda men gadymyýetiň beýik alymy Ibn Sinanyň eserlerini gyzyklanmak bilen köp okadym. Meni bu adamyň gyzyklanmalarynyň çuňlugy we giňligi haýran galdyrdy. Ibn Sina diňe bir lukman hökmünde däl, eýsem filosof we akyldar hökmünde hem beýikdir” - diýen ajaýyp sözlerinden hem-de “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” eserindäki “Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Halkymyzyň edep-terbiýe ulgamyndaky päkize ýaşamak babatyndaky edim-gylymlary hem saglyk hakyndaky aladalardan gözbaş alýar” – diýen pikirlerinden täsirlenip, beýik alym, filosof, meşhur lukman Abu Aly Ibn Sinanyň we akyldar şahyr hem ruhy lukmanymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen gyzyklandyk hem-de olaryň ynsan saglygy hakyndaky ýörelgelerini içgin öwrenip, degişli ýerlerinde durup geçmegi makul bildik.
Abu Aly Ibn Sinanyň müň ýyl özal beýan eden ylmy maglumatlarynda we üç ýüz ýyla golaý mundan öň Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirlerinde beýan eden saglyk hakyndaky pikirleri biziň häzirki günlerimizde-de öz gymmatyny ýitirenok. Abu Aly Ibn sina “Adam dertlände hökmany suratda üç sany ýagdaýy seljermeli, her günki iýýän iýmitinden adam bedenine ýakmaýan ýakymsyz iýmiti gözlemeli, zyýanly ýakymsyz maddalar ýok bolsa, iýen iýmitinden lezzet alyp, az mukdarda, öz wagtynda iýmegi, (ertirligi özüň, öýlänligi dostuň bilen bölüşip, agşamlygy duşmanyňa bermegi), maslahat beren bolsa Magtymguly Pyragy az iýmekligi, az ýatmagy köpräk hereketde bolmagy öňe sürüpdir. Abu Aly Ibn Sinanyň “ilki söz, söňra däri derman, bolmasa tyg” diýen sözleri ýa-da Magtymguly Pyragynyň her bir ýaramaz endikleri aradan aýyrmagy bilen adam beden agzalaryndaky döräp biljek dürli kesellerini ýok edip bolýandygyny belläpdir. Türkmen Halkynyň Milli lideri alym Arkadagymyz hem özüniň lukmançylykdaky beýan eden ylmy maglumatlarynda ilki bilen arassa iýmit, soňra däri dermanlar bilen gaýrüzülmeleriň öňüni almak, bolmadyk ýagdaýynda beden agzalarynda ýüze çykan keselleriň öňüni almaklygy we bejermekligi maslahat berýär. Bu şertler diňe bir adamyň öz beden agzalaryny (agyz, diş, dişýany, dil we ş.m.) sagdyn saklamak hakynda bolman ondan dowamat boljak nesilleriň hem sagdyn bolmagy hakyndaky aladalardan ybaratdyr.
Gürrüňimizi Magtymguly Pyragynyň “Diş gitmek diýen” goşgusyndaky şu setirleri bilen dowam edýäs.
Tagam lezzetin alar,
Dahanyňdan diş gitmek.
Äre sangy artdyrar,
Kyrkdan agyp ýaş gitmek.
- diýmek bilen şahyr, adamzat ýaşaýşynda möhüm orun eýeleýän iýmitiň lezzetini duýmakda, ony çeýnemekde dişleriň ýerine ýetirýän işleriniň uly ornunyň bardygyny çeper suratlandyrýar hem düşündirýär. Haçanda iýmit doly we dogry çeýnelmedik ýagdaýynda onuň ýokumynyň, lezzetiniň peselýändigi we umumy bedene şol sanda iýmit siňdiriş ulgamyna zyýanly oňaýsyz täsirleriniň bardygy iýmitdäki ýokumly maddalaryň çäkli derejede peýdasy bolýandygy ylmy taýdan subut edilendir. Doly we dogry çeýnelen iýmitiň düzümindäki ýokumly maddalar iýmit siňdiriş ulgamynda oňat özleşip beden üçin gerekli derman bolup beden agzalary hereket eden ýagdaýynda, oňa gaýrat berýär hem-de aň düşünjäniň giňelmegine, ýaşaýyş üçin gerekli bolan ýokumly maddalaryň bedende galmagyna uly ýardam berýär. Ylmyň subut eden bu üstünligini XVIII asyrda Magtymguly Pyragy şahyrana setirlerinde beýan edipdir.
Şahyr şol bir wagtda “Diş gitmek” atly goşgusynda:
Ýaman dil – ýol ýitirer,
- diýip, aýtmak bilen ýerlikli ýerinde söz sözlenmedik ýagdaýynda, geljege bolan ynamyň ýitmegine alyp barýandygyny hem-de ýerlikli ýerinde söz sözlemek bilen; Ýagşy – rahmet getirer,
- diýip, durmuşda ýagşy adamyň şowlulyga ýardygyny, gowy zatlaryň ýagşy işleriň ýaraşygydygyny bir setirde giňişleýin beýan edýär.
Magtymguly Pyragynyň – “Tagam lezzetin alar, dahanyňdan diş gitmek” – diýen pikirleriniň logiki dowamy hökmünde “Garrylykdyr ýaranlar” atly şygrynda-da şeýle setirlere duşmak bolýar.
Hiç tagam iýmäge dişleri batmaz,
Uzakdan gözlese gözleri ýetmez,
Ogul gyz sözüne hiç gulak asmaz,
Dert ýamany garrylykdyr ýaranlar.
Agzyny gözleseň bir dişi bolmaz,
Düşek, ýassyk bilen hiç işi bolmaz,
Ýanynda gadyrdan deň-duşy bolmaz,
Dert ýamany garrylykdyr ýaranlar.
Ynsan saglygy üçin uly ähmiýeti bolan “diş” şahyryň döredijiliginde esasy ýüzlenilýän we çeper meňzetme hökmünde ulanylýan termin hökmünde bellidir. Magtymguly Pyragy ýene-de bir goşgusynda diş hakynda şeýle diýýär.
Gulaksyz, gözsüzlik, dilsizlik ýaman,
Aş iýmäge barçasyndan diş ýagşy.
Şahyr, şol bir babatda dişiňe zeper ýetirýän närseleri hem şygyr setirlerinde beýan edipdir. Mysal üçin “Nas atan” şygrynda şeýle bent bar:
Kyrkyňa baraňda, beýniňe çykar,
Bu şirin janyňy dowzahda ýakar,
Çakjaňy ot eýläp, burnuňa dykar,
Zähmiňden döküler dişiň, nas atan.
Çilim çekilende ýa-da nas atylanda belli bir ýaşa ýeteniňde kelle beýniniň zäherlenip, umumy beden keselleriniň dem alyş, iýmit siňdiriş ýollarynyň, şol sanda hem agyz boşlugynda diş keselleriniň ýüze çykýandygy we agyz boşlugyndaky dişleriň dökülýändigi lukmançylykda subut edilen hakykatdyr. Şeýlelikde dogry iýmitlenmek bozulyp düýpli beden kesellerine alyp barýar. Şol hakykaty has içgin bilen şahyr Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda sagdyn durmuş ýol ýörelgeleri bilen sagdyn nesiliň kemala gelmegi hakyndaky pikiri öňe sürüp çilim çekmegiň, nas atmagyň soňunyň dürli keseller bilen gutarýandygyny aýdyp ýazgarypdyr. Ýeri gelende belläp geçsek şahyryň arzuw eden hyýallary biziň häzirki döwrümizde amala aşyrylýar. Her bir çykyşlarynda, duşuşyklarynda, eserlerinde Magtymguly Pyragynyň paýhasly pikirlerine we lukmançylygyň piri bolan Abu Aly Ibn Sinanyň ýol ýörelgelerine uýup müň ýyllyklaryň dowamynda tejribeden geçen, adamzat ýaşaýşynda möhüm orny bolan ylmy maglumatlara ýüzlenýän Gahryman alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen häzirki wagtda sagdyn nesliň kemala gelmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek ugrunda milli maksatnamalaryň kabul edilmegi, bu ugurda Birleşen Milletler guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolunmagy sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi hakyndaky tagallalaryň bir bölegidir. Ýurtda sporta aýratyn üns berilmegi, döwlet tarapyndan goldanmagy we oňyn netijeleriň gazanylmagy “Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk” – diýen Hormaty gazanan Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan başlangyçlarynyň miweleridir. Abu Aly Ibn Sinanyň we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakyndaky gürrüňimiziň, pikirimiziň Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik işlerine sepleşip gitmegi hem ýöne ýerden däl. Munuň hem sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanyny okanyňda atasy ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhammet Annaýewiň, kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň eserlerini ürç edip okandygyna, onuň pähim-paýhasa eýlenen dür-dänelerini ýol ýörelge edinendigine göz ýetirýäň. Pederleriniň durmuş mekdebinden ylham alan Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň Abu Aly Ibn Sinanyň döredijiligini çuňňur öwrenenligi we ol ylmy çeşmäni türkmen diline terjime etdirendigi guwandyryjydyr. Şonuň üçin ösüp oturan bol miweli daragtlaryň hem köklerine bagly bolşy kimin pederleriniň ömür beýanyndan nusga alýan Gahryman Arkadagymyzyň, Lukmançylygyň piri hasaplanýan Abu Aly Ibn Sinanyň we Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä ýaýylmagy, wagyz edilmegi we ebedileşdirilmegi ugrundaky tagallalary hem başlangyçlary bu günki gün Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda giň gerime eýe bolýar. Baş halypamyz alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Köpetdagyň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň medeni seýilgäh toplumynyň döredilmegi ol ýerde şahyryň alyslardan görünýän belent heýkeliniň oturdylmagy 2024-nji ýylda şahyryň doglan gününiň üç ýüz ýyllygynyň bellenilmegi, dünýä ýüzünde lukmançylygyň piri hasaplanýan alym filosof, akyldar, lukman Abu Aly Ibn Sinanyň ylmy eserleriniň giňden öwrenilmegi we bu ugurda halkara ylmy maslahatlaryň geçirilmegi taryha altyn harplar bilen ýazyljak beýik işlerdir. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda halypa-şägirtlik mekdebini giň gerime eýe edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de şol asylly işleri dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag başy dik, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Stomatolog: Myratmuhammet Kulow