Kitap adamzada mahsus bolan maglumatlaryň tükenmez çeşmesi we medeniýetiň mermer daşydyr. Ol biziň görüp bilmeýän zatlarymyzy görkezýän, eşidip bilmeýän zatlarymyzy eşitdirýän, asyrlary biri-birine baglaýan köprüdir. Geçmişi, geljegi ýakynlaşdyrýan, ynsany ynsana dost edýän hem kitapdyr.
Taryhy çeşmelere ser salsak, heniz kagyz ýok wagty hem daş kitaplaryň bolandygy barada maglumatlara gabat gelýäris. Ýurdumyzda we onuň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapyndylardaky keramikanyň ýüzüne ýazylan ýazgylar bu pikiri subut edýär. Baryp gadym döwürde Wawilondan tapylan keramikanyň ýüzüne ýazylan «Gylgamyş (Gilgameş) hakyndaky rowaýat», otparazlar döwründe ýaşan pederlerimiziň bize daşyň ýüzüne ýazyp galdyran Awesta kitabyndan bölekler, Nusaýdan tapylan daşyň ýüzüne ýazylan salgyt baradaky resminamalar hem-de ýene şol ýerden tapylan patyşa aýal Zarina hakyndaky rowaýat, Margianadan tapylan ýazuw ýadygärlikleri munuň aýdyň mysalydyr.
Kitap okamagyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, ynsana özüňi tanamaga mümkinçilik bermegidir. Okaýan adam haýsy ugurda üstünlik gazanjagyna çalt düşüner. Tomas Edison, meşhur Eýnşteýn ýaly alymlar haýsydyr bir ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary däldiler. Ýöne olar okan kitaplarynyň kömegi bilen haýsy ugurda zehinlidiklerine akyl ýetiripdirler we üstünlik gazanypdyrlar. Diýmek, durmuşda üstünlik gazanmagyň esasy şerti kitaplar bilen dost bolmakdyr.
Okamak hiç haçan ünsden düşürip bolmajak zerurlykdyr. Her gün yzygiderli, azyndan bir sagat kitap okamagam bizi gysga wagtyň içinde belent sepgitlere ýetirer.
Kitaby özüne höwür edinip, dost tutunan adamyň dünýägaraýşy çuň, gözýetimi giň, pikirlenişi düýpli we esasly, okamaga, öwrenmäge höwesli hem ukyply bolýar. Kitaphon adamlardaky bu artykmaçlygy dana Magtymguly «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip häsiýetlendiripdir. Kitap ynsanyň kalbyny ýumşadyp, adamda ynsanperwer we ahlak häsiýetleri terbiýeleýär, adamy belent adamkärçilik sypatlaryna eýe edýär. Kitaby özüne höwür edinen adamyň ruhy belent bolýar. Ol durmuşda ýüze çykýan dürli ýagdaýlardan baş alyp çykmagy başarýar. Hut şonuň üçin-de pederlerimiz diňe bir kitaby däl, eýsem, kitapdan kemal tapyp, ylymlar dünýäsine aralaşyp, onda meşhurlyga ýeten ylymly-bilimli adamlary-da derejeläpdirler.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Agalyýew Baýmyrat