Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň konsuly «Suw ulagynda döreýän derwaýys meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy

20:1429.05.2025
0
21111

Şu gün — 29-njy maýda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly Gadam Ilamanow General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda geçirilen «Suw ulagynda döreýän derwaýys meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Maslahatyň çäginde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly soraglar boýunça hem pikir alyşmalar guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy (Astrahan ş.) habar berdi.

Bu maslahata Hazar sebitiniň beýleki ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalaryň wekilleri hem-de sebitiň hökümet edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da, Astrahan sebitiniň hökümetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Ilýa Wolinskiý we Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ilýa Toropitsyn hem gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda durnukly logistika infrastrukturasynyň emele gelmeginiň esasy baglanyşygy hökmünde çykyş edýän suw ulagynyň ornunyň ähmiýeti baradaky meselelere garaldy.

Konsul G.Ilamanow öz çykyşynda Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler we gazanylan üstünlikler barada gatnaşyjylara giňişleýin maglumat berdi.

Bu çäre halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ädimleriň biri boldy we Ýewraziýa giňişliginde täsirli, durnukly we özara bähbitli ulag ulgamynyň döredilmegine gatnaşyjy ýurtlaryň umumylykda ymtylýandyklaryny açyp görkezdi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň