«Russia Halal EXPO 2025» halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda Kazanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlaryna hem-de olaryň talyp ýoldaşlaryna sahawatly türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we miwe önümleriniň dürli görnüşleri hödür edildi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, hiç hili goşundysy bolmadyk we ekologiýa görkezijileri boýunça ýokary halkara talaplaryna laýyk gelýän önümler sergä gatnaşyjylara-da hödür edildi.
Türkmen güneşiniň çogundan iýmitlenip, bereketli toprakda biten datly gök önümlerden we ir-iýmişlerden dadan adamlar, talyp ýaşlar halkara derejesinde geçirilýän serginiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan ynsanperwerlikli ýörelge üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine, sergini guraýjylara tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny aýtdylar.
Habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar.