Kuala-Lumpurda geçirilýän Halkara maýa goýum forumynda Azerbaýjanyň «Caspian Logistics Solutions» kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Rifat Sultan Zada çykyş edip, özüniň «Black Caspian» kompaniýasynyň Türkmenistanyň dürli pudaklaryna uly möçberde maýa goýmak meýillerini beýan etdi.
Onuň eden çykyşyna görä, kompaniýa Türkmenistanyň dürli ykdysady pudaklaryna 500 million dollar möçberinde maýa goýmaklygy meýilleşdirýär. Maýa goýumlaryň ugurlaryna diňe täjirçilik taslamalary däl-de, eýsem sport infrastrukturasyny ösdürmek ýaly sosial başlangyçlar hem girýär. Kompaniýa şeýle-de Türkmenistanda çagalar futbolyny maliýeleşdirmäge gyzyklanma bildirýär, bu bolsa olaryň şu ugurda bar bolan ozalky tejribesine laýyk gelýär. Bilermenleriň belleýşi ýaly, «Black Caspian» eýýäm şuňa meňzeş taslamany amala aşyrypdy – şu ýylyň başynda kompaniýa Azerbaýjanda Ispaniýanyň «Barselona» klubunyň futbol akademiýasynyň açylyşyny maliýeleşdirdi. Bu çäräniň açylyş dabarasy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we futbol klubynyň prezidenti Žoan Laportanyň gatnaşmagynda Bakuda geçirildi.
Öz çykyşynda Rifat Sultan Zada kompaniýasynyň diňe öz serişdelerini maýa goýmak bilen çäklenmän, eýsem GCC ýurtlaryndaky (Arabystan ýarym adasynda ýerleşýän alty arap döwletiniň sebitleýin birleşiginiň ady: Saud Arabystany, BAE, Kuweýt, Katar, Oman we Bahreýn) hyzmatdaşlardan maliýeleşdirme çekmegi hem niýet edýändigini nygtady. Ol şeýle-de kompaniýanyň Türkmenistana türkmen harytlarynyň eksport möçberlerini artdyrmakda, goşmaça üstaşyr ýükleri daşamakda we türkmen öndürijilerine ÝB ýurtlarynyň bazarlaryna çykmaga kömek etmekde hyzmatdaşlygy teklip etmäge taýýardygyny belledi.
Hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynyň hatarynda Bahreýn, Katar, Oman, Kuweýt ýaly ýurtlardan maýadarlary Türkmenistanyň ösüş taslamalaryna çekmek we türkmen öndürijileri üçin mümkin bolan maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen tegelek stollary guramaga ýardam bermek bellenildi.
«Caspian Logistics Solutions» kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary şeýle-de Türkmenistanyň şu ýyly BMG tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky halkara başlangyjyna ýokary baha berdi we dünýädäki durnuksyz ýagdaýda bu başlangyjyň ähmiýetini nygtady.