Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» konditer dükanlary 150 manatdan ýokary sargyt edilende süýjülikleri mugt eltip bermegi teklip edýär

09:2622.03.2025
0
20234

«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyrynda Aşgabadyň we Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylary üçin ýörite aksiýa dowam edýär. «Zyýat Hil» 150 manatdan başlaýan bahalardan sargyt edilende süýjülikleri eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

«Zyýat Hil» konditer dükanlary dürli konditer önümlerini, süýjülikleri we islendik görnüşli tortlary bilen meşhurdyr.

Mundan başga-da, «Zyýat Hil» möwsümleýin täze önümleri we baýramçylyk süýjüliklerini hödürläp, önümleriniň görnüşlerini yzygiderli täzeleýär. Bu bolsa müşderilere hemişe täze we özüne çekiji önümi tapmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem konditer dükanlaryny islendik dabara üçin sowgat we süýjülik saýlamak üçin amatly ýere öwürýär. Müşderilere amatlylyk üçin «Zyýat Hil» tortlary we süýjülikleri öňünden sargyt etmek mümkinçiligini hödürleýär, munuň özi uly çäreler we dabaralar üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Sargyt etmek üçin müşderiler aşakdaky salgylar boýunça «Zyýat Hiliň» islendik dükanyna ýüz tutup bilerler:

• Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
• Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
• Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň