Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda 13 müň tonnadan gowrak gowaça tohumy taýýarlanyldy

09:4326.03.2025
0
7741
Mary welaýatynda 13 müň tonnadan gowrak gowaça tohumy taýýarlanyldy
Surat: Türkmenmetbugat

Mary welaýatynda «Türkmenpagta» döwlet konserniniň «Marypagta» önümçilik birleşiginiň welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalary tarapyndan 21 müň 388 tonna ýokary hilli gowaça tohumy taýýarlandy.

Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, umumy taýýarlanan gowaça tohumynyň 13 müň 437 tonnasy «Ýolöten — 7», 5 müň 630 tonnasy «Ýolöten — 39», 1 müň 500 tonnasy-da «Ýolöten — 14» görnüşli orta we inçe süýümli gowaça tohumydyr.

Mary welaýatynda «Türkmenpagta» döwlet konserniniň «Marypagta» önümçilik birleşigine degişli pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-sy hereket edýär.

Tohum taýýarlamakda Sakarçäge etrabyndaky ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän, şeýle-de Türkmengala, Baýramaly, Garagum etraplaryndaky pagta arassalaýjy kärhanalary görkezmek bolar.

Murgap jülgesiniň merdana hasyl ussatlary ýetip gelen ekiş möwsüminde 162 müň gektara gowaça ekmegi we şol meýdanlarda onuň bereketli hasylyny ýetişdirip, 359 müň tonna ekologik taýdan arassa, ýokary hilli pagta almagy maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň