Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili mugallymlary üçin daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullary boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuw sapaklary geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, okuw sapaklarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Hwaň Ho Ýoň, Patyşa Sejoň adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň mugallymlary Mylaýym Hudaýnazarowa, Kim Su Hýon, Kim Son Gýoň, şeýle-de Kýoňhi saýber uniwersitetiniň professory Kim Ji Hýoň onlaýn arkaly koreý dilini öwretmek boýunça birnäçe meseleleriň üstünde durup geçdiler.
Hünär kämilleşdiriş okuwlaryna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 88-nji orta mekdebiniň, Innowasiýa maglumat merkeziniň, Patyşa Sejoň adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymlary gatnaşdylar.