Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Samsung» kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Hi aradan çykdy

10:3626.03.2025
0
11557
«Samsung» kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Hi aradan çykdy
Surat: RIA Nowosti

«Samsung Electronics» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktorlarynyň biri Han Çžan Hi 63 ýaşynda ýüregagyrydan aradan çykdy. Bu barada kompaniýa salgylanýan «Associated Press» habar berdi diýip, «ria.ru» ýazýar.

Habarda Hanyň kompaniýanyň sarp ediş elektronikasy we ykjam enjamlar ugruna gözegçilik edendigi, onuň ýüregagyry tutmasyndan soňra hassahanada aradan çykandygy aýdylýar.

Han 1988-nji ýylda «Samsung» kompaniýasyna işe geldi we telewizorlar bilen bagly şahamçalarda işledi, netijede, kompaniýa bu bazarda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeledi. 2022-nji ýylda ol kompaniýanyň başlygynyň orunbasarlarynyň biri we baş direktor wezipelerine bellendi.

«Samsungyň» beýleki ýerine ýetiriji direktory, ýarymgeçirijiler işewürligine gözegçilik edýän Jun Ýen Hen ýeke-täk baş direktor bolup, işini dowam eder diýlip, çaklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň