Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukaşenko özüni bagtly Prezident hasaplaýandygyny aýtdy

09:0326.03.2025
0
8707
Lukaşenko özüni bagtly Prezident hasaplaýandygyny aýtdy
Surat: Russian.people.com

Belarussiýanyň Prezidenti wezipesine ýedinji möhlete saýlanan Aleksandr Lukaşenko özi barada «Men – bagtly Prezident» diýdi.

«Meniň ýanymda hakyky pikirdeşlerim bar. Olar biziň dogry iş edýändigimize çyndan ynanýan, Belarusy ýürekden söýýän, hakyky watançylar. Şonuň üçin men bagtly Prezident, Belarus bolsa, ýaşasyň gelýän ýurt» diýip, ol kasam kabul ediş dabarasynda nygtady.

26-njy ýanwarda saýlawlarda ýeňiş gazanan Lukaşenko 25-nji martda Belarusuň Prezidenti wezipesinde täze möhlete resmi girişdi diýip, TASS ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň