Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Stambulyň halkara howa menzilinde öý haýwanlary üçin ilkinji dynç alyş zolagy açyldy

12:3611.03.2025
0
12235

Stambulyň halkara howa menzili öý haýwanlary bilen syýahat edýänler üçin özboluşly hyzmaty — ýöriteleşdirilen Pet Lounge zolagyny hödürledi. 32 inedördül metrlik açyk eýwany öz içine alýan 250 inedördül metrlik bu meýdança howa menziliniň B terminalynyň binasynda ýerleşýär.

Bu oňaýly launj meýdançasyna bir wagtyň özünde 32 sany it, 36 sany pişik hem-de 10 sany guş ýerleşip biler. Bu gurşaw aýratyn girelgeler bilen enjamlaşdyrylyp, hemişe weterinar hünärmenleriň gözegçiligindedir.

Hyzmat AVIH kategoriýasy (goş bölüminde daşamak) boýunça syýahat edýänler üçin mugt berilýär. Pet Lounge hyzmatyndan göni uçuşdan azyndan 60 minut öň ýa-da üstaşyr uçuşda 75 minut wagt bar bolan ýagdaýynda peýdalanyp bilersiňiz.

Weterinar hünärmenleriň bardygyna garamazdan, merkezde haýwanlaryň eýeleriniň razylygyny almazdan lukmançylyk amallary ýerine ýetirilmeýär. Uçaryň içinde (PETC kategoriýasy) daşalýan öý haýwanlary üçin bu hyzmatyň elýeterli däldigini, öý haýwanlarynyň eýeleriniň hem dynç alyş zolagyna gönümel girip bilmeýändigini bellemek gerek.

Bu özboluşly hyzmat hem-de «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň peteklerini sargyt etmek barada has giňişleýin maglumat almak üçin ýolagçylar awiakompaniýanyň Aşgabatdaky wekilhanasyna şu salgy boýunça ýüz tutup bilerler: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý («Ussat» binasy).

Habarlaşmak üçin:

  • elektron poçtasynyň salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň