Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag şäher ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belläp, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtda ýöriteleşdirilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň bellenen aralygy bökdençsiz geçip bilmekleri üçin degişli işleriň amala aşyrylmalydygyny aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde häzirki zaman lukmançylyk edarasynyň binalarynyň özboluşly aýratynlyklaryny, onuň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşyny, merkeziň içki we daşky bezeg işlerini, gurluşykda ulanylýan dürli serişdeleriň görnüşlerini şekillendirýän taslamalar bilen tanyşdy.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri S.Annanyýazowa Aşgabatda täze gurulýan Halkara Pediatriýa merkeziniň binalary, olarda ýerleşdiriljek bölümler, merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri hem-de gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleri barada hasabat berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar, merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri we olaryň özboluşly aýratynlyklary hem-de binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň derejesi bilen tanşyp, ornaşdyrmagyň tapawutly aýratynlyklary babatda degerli maslahatlaryny berdi. Lukman Arkadag täze merkeziň täze garaýyşly we uzak geljegi nazarlaýan hassahanadygyny belledi hem-de sebitde ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlarda işlejek lukmanlaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet bermelidigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze merkeziň bölümlerinde, otaglarynda reňkleriň sazlaşygyna möhüm ähmiýet bermelidigini belledi. Bu merkeziň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, binanyň bezeg aýratynlyklarynyň, onuň reňkleriniň çagalaryň ünsüni özüne çekmelidigini we olarda ýakymly täsirleri galdyrmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadag bu ugurda häzirki zaman tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyny belledi hem-de bu babatda özüniň köp ýyllyk tejribesine esaslanyp, öwüt-ündewlerini berdi.
Iş saparynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň, Halkara kardiologiýa merkeziniň intensiw bejeriş bölüminiň müdiriniň, «Gap İnşaat Yatırım ve Dış Ticaret Anonim Şirketiniň» sebit müdiriniň orunbasarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny hem geçirdi. Onuň dowamynda täze merkeziň gurluşygyny ýokary derejede tamamlamak we ony döwrebap ýagdaýda enjamlaşdyrmak, binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.