Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» göze görünmeýän maýyplygy bolan ýolagçylara goldaw maksatnamasy barada ýatladýar

10:3904.03.2025
0
22806

Türkiýäniň milli awiakompaniýasy «Turkish Airlines» göze görünmeýän maýyplygy bolan ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamasynyň bardygyny ýatladýar. 2022-nji ýylda ýola goýlan maksatnamanyň çäklerinde awiakompaniýa göze görünmeýän maýyplygyň halkara nyşany bolan günebakar şekilli ýörite beýjleri berip başlady.

Bu maksatnama hroniki keseller, süýji keseli, demensiýa, autizm, beýni şikesleri, ÜDGS (üns defisiti we giperişjeňlik sindromy), disleksiýa, bogunlar bilen bagly meseleler, psihiki nähoşluklar we uky bozulmalary ýaly köp sanly ýagdaýlary öz içine alýar. Şeýle saglyk ýagdaýlary bolan ýolagçylar Stambul howa menziliniň terminallaryndaky «Turkish Airlines» nokatlarynda tapawutlandyryjy beýj alyp bilerler.

Bu mylakatly tapawutlandyrma usuly awiakompaniýanyň işgärlerine ýagdaýlaryna artykmaç üns çekmezden goşmaça goldaw talap edýän ýolagçylary tanamaga mümkinçilik berýär. Kömek terminala ugrukdyrmakda goldawy, uçara münmek we düşmek üçin goşmaça wagt bermegi öz içine alyp biler.

Ýatlatsak, «Turkish Airlines» Aşgabat bilen Stambulyň arasynda hepdede 11 uçuş amala aşyrýar.

Goşmaça maglumat almak we biletleri bronlamak üçin «Turkish Airlines-iň» Aşgabatdaky satuw ofisine ýüz tutup bilersiňiz:

  • salgysy: G. Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • telefon: (+993 61) 01 44 33;
  • e-mail: askabatbiletsatis@thy.com.

Satuw ofisi duşenbe – anna günleri aralygynda 09:00-dan 17:00-a çenli açykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň