3-4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletiniň Doha şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň maksady syýahatçylyk we migrasiýa babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan we bu ugurda gepleşikleri geçirmekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda habar berildi.
Iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Kataryň degişli edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty barada gürrüň berdi.
Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri barada gyzykly bildirilip pikir alşyldy.