Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmen-argentin işewürlik forumyny geçirmek meýilleşdirilýär

16:4804.10.2024
0
5140
Aşgabatda Türkmen-argentin işewürlik forumyny geçirmek meýilleşdirilýär
Surat: mfa.gov.tm

3-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasyndaky üçünji syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we söwda, ykdysadyýet, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasy ýaly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar we özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öwrenmek üçin açyk gepleşikleri geçirmäge meýillidiklerini mälim etdiler.

Şeýle-de geňeşmeleriň dowamynda taraplar medeni alyşmalar meselelerini, şol sanda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bilelikdäki çäreleri we maksatnamalary guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy indiki syýasy geňeşmeleri geçirmegi, şeýle hem 2025-nji ýylda Aşgabatda Türkmen-argentin işewürlik forumyny gurmagy teklip etdi. Şol bir wagtyň özünde iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek teklip edildi.

Ýokarda beýan edilen teklipler argentin tarapynyň oňyn seslenmesine eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň