Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

10:0604.10.2024
0
2318
Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mejlis.gov.tm

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada mejlis.gov.tm resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhmanlar Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem-de parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň düzümi, esasy wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Halkara guramalar, Ýewropa Bileleşigi bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde seminarlaryň, geňeşmeleriň, okuw maslahatlarynyň, «tegelek stollaryň» guralmagynyň milli kanunçylygyň halkara tejribesine laýyklykda kämilleşdirilmegine, parlament işini has kämil derejede guramagyň usullaryny öwrenmäge mümkinçilikleri artdyrýandygy barada aýdyldy.

Türkmen tarapy «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» bilelikdäki komitetiniň we «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» Parlamentara dialogynyň alyp barýan işiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi. Şeýle hem ýurtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny» we «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklary, ýurduň dürli ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin döwrebap binýady kemala getirmäge ýardam edýän parlament wekilleriniň duşuşyklaryny hem-de okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň