Top.Mail.Ru

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi

23:4903.10.2024
0
5094
Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
Surat: maslahat.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň gün tertibine ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.

Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gün tertibine laýyklykda, mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler, öňde durýan wezipeler hakynda degişli ýolbaşçylar çykyş etdiler.

Hususan-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň umumymilli forumda indiki ýyl geçirilmeli çäreler hakynda gol çeken Permanyny ýerine ýetirmek babatda öňde durýan wezipeler; ýurduň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport toplumynda durmuşa geçirilýän, ýaşlary kämil derejede ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, öňde durýan wezipeler, Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy»; şeýle-de «Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy», Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler baradaky çykyşlar diňlenildi.

Mejlisiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmegiň, jemgyýeti dolandyrmagyň hem-de ösdürmegiň möhüm guraly hasaplanylýandygyny, döwletiň ähli pudaklary bilen birlikde halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylaryň her biriniň öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin jan aýaman zähmet çekjekdigine hem-de ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň