Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi

23:1303.10.2024
0
4574
Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ynanyşmak, özara hormat goýmak esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryş platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşygyň we onuň çäklerindäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de gazanyljak ylalaşyklaryň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

«Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýokary derejede alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» köptaraplaýyn görnüşinde yzygiderli ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ylym-bilim, ekologiýa, energetika we ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek babatda Ýewropa Bileleşigi bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Söhbetdeşler täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselelerine degip geçip, Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişini göz öňünde tutup, bu ulgamy kämilleşdirmegiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýandygyny bellediler.

Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtap, Ýutta Urpilaýnen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň hereketlerine ýokary baha berdi.

«Mälim bolşy ýaly, ekologiýa taýdan amatly, howpsuz, netijeli we ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi durnukly ykdysady we durmuş ösüşini goldamakda zerurdyr, halkara hyzmatdaşlygyny hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, sebitiň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistan Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany bu geçelgeleriň Ýewraziýa kontinentiniň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.

«Biz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady we türkmen tarapynyň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary berkitmäge taýýardygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň