Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Goňşularyň jedeli sebäpli çapylan bag jahankeşdeleriň köp gelýän ýerine öwrüldi

11:2105.10.2024
0
898
Goňşularyň jedeli sebäpli çapylan bag jahankeşdeleriň köp gelýän ýerine öwrüldi
Surat: gazeta.ru

Angliýanyň Uotertop şäherinde goňşularyň özara jedeli sebäpli deň ikä çapan agajy ýerli gymmatlyga öwrüldi diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Agaç tutuş dünýäniň çar künjeginden gelýän jahankeşdeleriň hem gyzyklanmasyny gazandy, hatda ol barada «Googlede» öz pikirlerini ýazýanlar hem köpelýär.

25 ýaşly arça agajynyň töweregindäki jedel Bharat Mistri bilen onuň goňşulary Aýrin we Grem Liniň arasynda döredi, olar bagyň şahasynda ýerleşen guşlaryň haýsysynyň öz çägini hapalaýandygy barada oňuşmadylar. Jedeli parahatlyk bilen çözmäge birnäçe gezek synanyşan hem bolsalar, başartmady we goňşular agaç çapyjyny çagyryp, bagy dikligine deň ikä böldürdiler.

Arçanyň jahankeşdeleriň köp gelýän ýerine öwrülendigine garamazdan, goňşular henizem öz aralarynda gürleşmeýärler diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň