Top.Mail.Ru

Nýu-Ýorkda «C5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygy geçirildi

20:1928.09.2024
0
12901
Nýu-Ýorkda «C5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygy geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

27-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde «C5+1» formatyndaky duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda bu formatyň, şeýle-de ykdysadyýet, howpsuzlyk, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işiň netijeliligini belläp geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýokarda agzalan we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatyndaky garaýyşlary mälim edildi.

Köptaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soňra Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetli meseleleri boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen-amerikan gepleşikleri geçirildi.

Amerikan tarapyna ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk Geňeşiniň Uly Direktory Nikolas Berliner ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi Sara Minkara, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bölüm müdiri Tom West, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bölüm utgaşdyryjysy, ilçi Elizabet Riçard we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryna garadylar. Hususan-da, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Energetika meselelerine hem aýratyn üns berildi. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurdaky özara gatnaşyklarda toplanan köpýyllyk tejribä esaslanyp, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň häzirki wagtda halkara energetika pudagyndaky halkara gatnaşyklaryny göz öňünde tutmak nukdaýnazaryndan garaýandyklary nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini gözden geçirdiler. Bu babatda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeli guraly bolup durýan Türkmen-Amerikan işewürler geňeşine möhüm orun berildi.

Duşuşykda bilim, ylym we ynsanperwer ugurlaryndaky oňyn tejribä üns çekildi. Şeýle-de wekiliýetler tarapyndan ABŞ-nyň hökümetiniň akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň çäklerindäki köpýyllyk iş we ýardam barada hem durlup geçildi.

Taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň