Top.Mail.Ru

Aşgabatda Halkara saz güni mynasybetli konsert geçiriler

16:4530.09.2024
0
17143

1-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we paýtagtymyzyň myhmanlaryny indi däp bolşy ýaly Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Halkara aýdym-saz gününe bagyşlanyp geçiriljek konserte çagyrýarlar.

Konsertiň maksatnamasynda paýtagtymyzyň meşhur sazandalary we aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetiriljek meşhur nusgawy saz eserleri bolar.

Konsert 18:30-da başlanar. Konsert ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly kafedrasy nusgawy sazlaryň muşdaklary üçin Halkara aýdym-saz güni mynasybetli her ýyl konsert guraýar. Şunuň ýaly konsertler saz sungatynyň ajaýyp dünýäsine içgin girişmäge mümkinçilik berýär. Ol 1973-nji ýylda Halkara saz geňeşiniň 15-nji Baş assambleýasy tarapyndan öňe sürlen başlangyjy goldamaklyga niýetlenendir, şoňa laýyklykda hem her ýylyň 1-nji oktýabry Halkara saz güni hökmünde bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň