Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

SPA we fitnes merkezi Daşoguzyň ýaşaýjylaryna ýokary hilli hyzmatlary ýetirýär

11:0325.05.2024
1
2583

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän SPA we fitnes merkezi müşderilere özüniň ýokary amatlykly şertler bilen üpjün edilen döwrebap sagaldyş hyzmatlaryny hödürleýär. Bu ýer özboluşly dynç almak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen, dürli saglyk hem bedenterbiýe çärelerini amala aşyrmak üçin örän oňaýly mümkinçilikleri teklip edýär.

Bu ýerde müşderileriň rahat hem lezzetli sagaldyş çärelerini geçmekleri üçin ähli amatlyklar nazarda tutulan. Mysal üçin, merkezde sagaldyş otaglarynyň, bedenterbiýe zalynyň, hammam otaglarynyň, suwa düşmek üçin oňaýly howuzyň bolmagy, hyzmatlaryň dessine hem ýokary derejede ýerine ýetirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Sagaldyş merkezinde sagdyn durmuş ýörelgesi pudagy boýunça eýýäm köp ýyllar bäri zähmet çekip gelýän tejribeli hünärmenler işleýärler. Olar her bir müşderä aýratynlykda, onuň sagaldyş merkeziniň köpugurly hyzmatlaryna bolan isleglerini nazarda tutmak bilen medeniýetli çemeleşýärler.

SPA we fitnes merkezi welaýatyň esasy şäheriniň çäginde ýokary hilli sagaldyş hyzmatlaryny hödürleýän öňdebaryjy merkezleriň biri hasaplanýar. Hut şonuň üçin-de merkeziň hünärmenleri müşderileriň isleglerini yzygiderli kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ugurdaky dünýä tejribelerini, täze döwrebap usullary özleşdirýärler hem-de olary işlerinde peýdalanýarlar.

Habarlaşmak üçin:

Daşoguz şäheri, Magtymguly şaýoly, 5/3-nji jaý. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bölüminiň binasy;

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň