Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

40 sany ideýa: hemme zady bar adama näme sowgat etmeli

0
31464

Hemme zady bar adama sowgat etmek üçin zat saýlamak hem ýeňil iş däl. Çünki sowgadyň hem peýdaly, hem ýatda galyjy bolmagyny isleýärsiň.

Sowgat gözlemekde berilýän umumy maslahatlar:

- doglan güni bolýan adamyň güýmenýän zatlaryna üns bermek;

- täsirli bir zat sowgat etmek (mysal üçin, tans sungaty boýunça ussatlyk sapagynyň sertifikaty ýa-da konsertiň bileti);

- öz eliň bilen bir zat ýasap bermek;

- adamyň özüni diňläň. Belki, köplenç geçmişden bir zady ýada salýandyr ýa-da çagalyk arzuwy hakda aýdýandyr.

Hemme zady bar adama sowgat saýlamakda iň gowy 40 ideýa:

1. Portret, surat;

2. Sowgatly sebet (miweler, süýjüler, iýmit we içgiler we ş.m bilen bezelen);

3. Fotosessiýa;

4. Ýazgyly Bento torty;

5. SPA-da dynç almak üçin sertifikat;

6. Ussatlyk sapagy;

7. Plakat ýa-da poster;

8. Konserte, teatra we ş.m ýerlere petek;

9. Uly ýaşlylar üçin pazl (1000 elementden ybarat bolan);

10. Konstruktor;

11. Kitap (kitaplar tapgyry, gymmatly neşirler);

12. Wintaž gaplary ýa-da farfor toplumy;

13. Mähirli sowgatlar (hammam halady, süpürgiç we ş.m.);

14. Suwenire ýadygärlik hat ýazdyrmak;

15. Oturgyç, yranýan oturgyç ýa-da asylýan oturgyç;

16. Sport zalyna agzalyk petegi;

17. Pyçaklar toplumy;

18. “Akylly” kolonka;

19. Elin ýasalan şokolad;

20. Elin ýasalan zefir;

21. Sanly surat çarçuwasy;

22. Ortopediki ýassyk;

23. Awtoulag organaýzeri;

24. Amaly bezeg önümleri (bulgur toplumy we ş.m.);

25. Dürbi ýa-da öý teleskopy;

26. Elektrik kebap bişiriji ýa-da gril bişiriji;

27. Seýrek tapdyrýan kofe/çaý;

28. Stoluň üstünde oýnalýan oýunlar;

29. Ýadygärlik suweniri. Bugarýan obýektden we içindäki magnitli esasyndan ybarat;

30. Köp wagtyny işlemäge sarp edýän adam üçin ofisde ulanyljak zatlardan sowgatlyklar;

31. Antistress toplumy;

32. Suraty şolbada çap edýän fotokamera;

33. Gözellik toplumlary we gözellik üçin enjamlar;

34. Kosmetika üçin sowadyjy;

35. Garnituralar (ajaýyp, ýokary hilli gapjyk ýa-da sagatlar we ş.m.);

36. Elektrik massaž ediji;

37. Oýun stoly (bilýard, stol tennisi, hokkeý, futbol);

38. Bio-kamin;

39. Bonsaý ösümligi ýa-da sukkulentler toplumy;

40. Wideo gutlagy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar