Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Folklor halkyň altyn hazynasydyr

0
1264

Gahryman Arkadagymyzyň Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň edýä atalyk aladalary bilen ençeme milli baýramçylyklarymyz däp dessurlarymyz ýenede täzeden dikeldildi. Bu bolsa türmen halkynyň altyn hazynasy bolan folklor sungatynyň has hem ösmegine getirdi.

Folklor sungaty öz gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdyp häzirki wagtda hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Şeýle sungatyň Türkmenistan watanmyzyň her welaýatynda folklor toparlary döredilip, milli däp dessurlarmyzy halka ýetirmekde öz beýanyny tapýar. Folklor sungaty hakynda söhbet etmek bolsa has gyzykly. Teleýaýlymda mawy ekranda halka ýetirilýän käbir  gepleşikler  ýatdan çykmajak gepleşikler bolýar, we halkyň aňyndan hem çykmaýar. Folklor eserleri adamyň ryhy dünýäsinde ýaşap biziň ata babalarmyzdan ene-mamalarmyzdan şu günlere çenli ýaşap gelen olaň arzuwlaryny dileglerini siňdirip sünnälap döreden çykyşlary her bir toý baýramlaň bezegi bolup durýar. Ilkinji gezek surata düşürilip halka hödürlenýär. Teleýaýlymlarda ilkinji gezek görkezilen bu folklor çykyşlary halkymyzyň arasynda at-owazasy ýaýrap başlaýar. Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň “Sumbar” folklor toparynyň eden folklor çykyşlaryny  ilkinji bolup teleýaýlymda görkezen režissior  Hommat Kakajanowdyr. Şol wagtky telewideniýanyň ýolbaşçysy Rahman Öwezow Hommat Kakajanowa gyzykly we geň galdyryjy zatlary, halkyň göwnüne ýaraýjak  wakalary surata düşürmegi tabşyrýar. Rahman Öwezow şol wagtky dörän  “Sumbar” folklor toparyny  Režissiora öz ýerlerinde ýazgy etmegi şol ýeriň gözel tebigatynda surata düşürmegi tabşyrýar. Şol çykyşlar teleýaýlymda görkezilen gününden soň dürli ýerlerden döredijilik toparlary telewideniýa bilen habarlaşyp başlaýarlar. Şondan soň her etraplarda folklor toparlary döredilýär we teleýaýlymlarda folklor eserleri halka ýetirilip başlanýar. 

Sumbar folklor topary 1980-nji ýylyň oktýabr aýynda Polşanyň Zakopane şäherinde geçirilen daglyk ýurtlaryň bütündünýä folklor festiwalyna gatnaşmak bilen uly meşhurlyk gazanýar. Bu geçirilen bäsleşikde "Altyn palta" baýragyna mynasyp bolýar. Şol Altyn palta baýragy Balkan welaýatynyň Magtumguly etrabynyň Magtumguly muzeýinde saklanýar. Sungata inçemenlik bilen düşinýän halkymyz her bir toý baýramlaryny folklor çykyşlary bilen baýlaşdyrlypdyr.
Türkmen halkynyň medeniýetini sungatyny öwrenmäge ösdürmage döredip berýän ähli şertleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn.

Gylyç Gurbangylyjow
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň "Medeni miras" fakultetiniň talyby.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar