Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulagyň ABS ulgamy we onuň işi

0
6838

Awtoulaglaryň ABS ulgamy aslynda «anti-lock breaking system» diýmegi aňladyp, terjime edilende blokirlemä garşy ulgam diýen manyny berýär. ABS — awtoulag togtadylanda onuň tekerleriniň blokirlenmeginiň öňüni alýan we ulaga tormoz tutanyndan soň hem erk etmäge mümkinçilik berýän özboluşly ulgamdyr.

Eger ulagyň togtaýan mahaly onuň bir ýa-da birnäçe tekeri blokirlenip, ýolda taýyp başlaýan bolsa, ABS awtomatik usulda tormoz suwuklygynyň basyşyny peseldýär we tekerler ýene-de aýlanmaga başlaýar. ABS-li tormoz ulgamynyň bu işi netijesinde awtoulagy hatda togtadan mahalyňda hem dolandyrmak bolýar. Netijede, ABS-iň kömegi bilen ulag togtadylanyndan soň hem öwrülmek we ulaga isledigiňçe erk etmek şerti döreýär.

ABS ulgamynyň ulag üçin zerurlygy

ABS ulgamynyň ulagy ýokary amatlykly dolandyrmaga mümkinçilik berýänligini bilýäris. Mundan başga hem onuň birnäçe zerur aýratynlyklary bardyr:

- Ulag güýçli depginde we gaýragoýulmasyz ýagdaýda togtadylanda onuň dolandyrylyşyna erk edip bolýar;

- Düz bolmadyk ýerlerde hem deň derejede tormoz tutmagynyň üpjün edilmegi;

- Göni we düz ýerde tormoz tutýan mahaly ulagyň geçýän aralygynyň gysgalmagy.
 

Bu ulgam nähili işleýär?

Sürüji tormoz çarhyna basan mahaly ol özboluşly sesi we çarhyň yrgyldysyny duýýar. Bu bolsa ABS ulgamynyň işlänligini aňladýar. Şondan soň, ulagyň tormoz tutmagyny ABS ulgamynyň elektron blokirleme ulgamy hem dolandyrýar. Netijede bolsa, ulag tormoz tutandan soň hem haýallyk bilen hereket edýär we sürüjiniň ulagda deňagramly saklanmagyna kömek edýär.

ABS-iň görnüşleri

- Dört kanally — bu 4 sany datçigi bolan ulgamdyr. Ol ulagyň her tekerine aýratynlykda gözegçilik edýär. Bu ulgam häzirki döwürde iň täsirli hasap edilýän ABS ulgamydyr.

- Üç kanally — Bu ulgamdaky datçikleriň biri yzky tekerler üçin, ikisi bolsa öňki dolandyryjy tekerler üçin niýetlenen.

- Iki kanally ulgam — Bu iki datçikden ybarat ulgamyň datçikleriniň biri öňki tekerlere, beýlekisi bolsa yzky tekerlere gözegçilik edýär;

- Bir kanally — bu ulgamda ulagyň yzky mostunda bir datçik bolýar we ol yzky iki tekeriň tormoz tutuşyna jogap berýär. ABS ulgamynyň bu görnüşi ozalky awtoulaglarda ulanylýardy, onuň tormoz täsirliligi hem pesdir.

Awtoulagyň gurluşynda, şol sanda onuň tormoz ulgamynda hem köp sanly bejeriş işlerini geçirmek dürli ýagdaýlara laýyklykda ýüze çykyp bilýär. Mysal üçin ulagyň düzüm bölekleri wagtyň geçmegi bilen könelýär we olary çalyşmaly bolýar. Tormoz ulgamynyň ABS-i bilen bagly hem dürli bejeriş işlerini geçirmek Türkmenistanyň birnäçe awtoulag serwislerinde, esasan-da «Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary we söwda merkezinde ýokary hilde ýerine ýetirilýär.

Ulagyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak ýa-da ýokary hilli bejeriş hyzmatlary bilen «Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary we söwda merkezine baryp, şeýle-de awtoyoly.gov.tm saýtyndaky belgilere jaň etmek arkaly tanşyp bilersiňiz.

Söwda ýa-da bejeriş hyzmaty üçin tölegi nagt we nagt däl görnüşinde hem-de «Awtoýoly» dükanlarynyň ball kartlaryndan peýdalanyp töläp bilersiňiz.

«Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary we söwda merkeziniň hyzmat ediş nokatlary:

Aşgabat şäheri:

  • Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi: +99312 45-48-16; 
  • «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi: +99312 46-91-02; 1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady;

Mary welaýaty, Mary şäheri, Bagtyýarlyk (Atabaýew) köçesi: +993 522 5-69-82;
Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Alaýaz köçesi: +993 322 6-19-19; 
Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Görogly (Izmir) koçesi 54: +993 422 2-97-01.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar