Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde Halkara Nowruz güni mynasybetli dostlukly çäre geçirildi.
Bu baýramçylyk çäresine ilçihananyň işgärleri we çagyrylan myhmanlar: Türkmenistanyň ylym we medeniýet pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, maslahatlar zalynda türkmen we eýran sungat ussatlarynyň el işleriniň eksponatlarynyň sergileri guraldy. Eýran sergisiniň merkezinde Nowruz baýramyna mahsus bolan nyşanlar ýerleşdirilip, olaryň hatarynda «Haft Sin», ýagny Nowruzyň gelmegini alamatlandyrýan ýedi tabajyk bar. Däp bolşy ýaly, tabakjyklar datly tagamlary taýýarlaýan zenanlaryň şekilleri bilen bezelipdir.
Türkmen sergisinde bolsa ýurdumyzyň her welaýatyna mahsus bolan el nagyşlary, toýundan ýasalan özboluşly önümler, şeýle hem syrçaly keramikadan ýasalan Türkmenistanyň kartasy goýlypdyr.
Şeýle hem serginiň diwarlyklarynda türkmen we eýranly suratkeşleriň çeken ajaýyp suratlary görkezişe çykarylypdyr.
Çäräni Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani açdy we bu baýramçylygyň Gündogarda gelip çykandygynyň kanuna laýyklygyny belläp geçdi. Baýramçylyk çäresinde ilçihananyň işgärleri, şeýle hem türkmen alymlary çykyş etdiler.
Dabaraly çäre baýramçylyk tagamlarynyň hödürlenmegi bilen tamamlandy: ilçihananyň işgärleri adaty «Nowruz» tagamlaryny taýýarladylar we olary myhmanlara hödürlediler. Çeşmäniň belleýşi ýaly, baýramçylyk ýakymly we dostlukly ýagdaýda geçdi.