Wise-premýer B.Annamämmedow 15-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde ýurduň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, “Garabogazkarbamid” zawodynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, bu önümçiligiň zerur bolan çig mal bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak, esasy tehnologik enjamlary abatlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň önüm öndüriji kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazkarbamid” zawodyny taslama kuwwatynda bökdençsiz işletmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutany bu zawodda toplumlaýyn tehniki hyzmatlary amala aşyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.