Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýere güýçli magnit tupany gelýär, ol dört gün dowam eder

08:3005.10.2024
0
850
Ýere güýçli magnit tupany gelýär, ol dört gün dowam eder
Surat: mir24.tv

4-nji oktýabrda Günde bolan iki partlamadan soňra Ýere güýçli magnit tupanlary gelýär. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Bogaçýewiň sözlerine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.

Hünärmeniň sözlerine görä, umumy alnanda, tupanlar dört güne çeker. Şunda olaryň ýokary derejesiniň ähtimallygy 8 göterime deňdir. Bu döwürde Ýeriň ýaşaýjylary ýagty demirgazyk şapaklaryny synlap bilerler.

Şeýle-de howa garaşly adamlar we ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinden ejir çekýänler golaý günlerde kelleagyrydan, ukusyzlykdan, ysgynsyzlykdan, çalt ýürek urmasyndan we gan basyşynyň üýtgäp durmagyndan başdan geçirip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň