Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Hatyra” kitabynyň jemleýji jildi çapdan çykdy

15:0003.10.2024
0
6504

“Hatyra” kitabynyň jemleýji jildi çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň çapa taýýarlamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi diýip, TDH ýazýar. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenýär.

«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.

Täze neşir Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagy bilen açylýar.

“Hatyra” kitabynyň bäşinji jildinde Mary welaýatyndan bolan esgerler hatyralanýar. Girişde buýsanç, ar-namys, Watanyň azatlygy ugrundaky gahrymançylykly söweşler barada gürrüň berilýär. Maglumatlara görä, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Mary welaýatyndan 21 müň 300-e golaý adam wepat boldy we dereksiz ýitdi.

Kitapda dereksiz ýiten, söweş meýdanlarynda gahrymanlarça wepat bolan, agyr ýaralanyp aradan çykan hem-de mähriban ojagyna gaýdyp gelmedik merdana esgerleriň sanawy elipbiý tertibinde ýerleşdirilipdir. Neşirde taryhy çeşmelerden alnan maglumatlar, dürli mazmundaky hatlar, esgerleriň suratlary, uruş ýyllarynda metbugat sahypalarynda çap edilen habarlar, Mary welaýatynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň hatyrasyna dikilen ýadygärlikleriň suratlary hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň